Başka dillerde okamak.
Bu proýektiň maksady githuby täze öwrenijilere nädip ilkinji goşantlaryny(contribution) goşup biljeklerini görkezmekdir.
Kyn bolup biler. Täze bir işi ilkinji sapar etmek hemişe kyn bolup biler. Hem-de başka kişiler bilen bilelikde işleşmeli bolsa, ýalňyşlyk etmäne çekinýäň, gorkýaň. Ýöne açyk çeşmäniň(open source) düýbünde başka kişiler bilen bilelikde işleşmek ýatýar. Biz açyk çeşme(open source) proýektlerine ilkinji sapar goşant goşjaklara ýol görkezip, ilkinji goşantlaryny goşmagyny aňsatlaşdyrmak isleýäs.
Blog post okamak ýa-da wideolardan öwrenmek kömek edip biler, ýöne bir zady edip öwrenmegiň ýerini tutup biljek zat ýok, şeýle dälmi? Ilkinji goşandyňy goşmak isleýän bolsaň, aşakdaky görkezilenleri yzarlap bilersiň.
Eger kompýuteriňizde git ýok bolsa, şu ýerden ýükläň.
Şu sahypanyň ýokarsynda duran fork düwmesine basyp şu repositoryny forklap bilýaňiz. Şunlukda, şu repositorynyň kopiýasy siziň hasabyňyzda bolyar. (Şu proýektiň eýesiniň hasabynda-da, siziň hasabyňyzda-da bolýar)
Indi, forklan repositoryny öz kompýuteriňize klonlan(clone). Bu diýmek, ýaňy siziň github hasabyňyza kopiýasy gelen(forklan) şu proýekti oz kompyuteriňizde-de bir kopiýasyna eýe bolup bilýäňiz. Github hasabyňyza gidiň, forklan repositoryny açyň, code düwmesine basyň, soňra copy to clipboard nyşanyna basyň.
Terminaly açyp aşakdaky git buýruguny işlediň:
git clone "ýaňy kopiýa eden url-ňyz"
"ýaňy kopiýa eden url-ňyz"(goşa dyrnaksyz) şu repositorynyň url-y (şu proýektiň siziň eden forkuňyz).Url-ny almak üçin ýokarda görkezilenleri yzarlaň.
Mysal üçin:
git clone https://github.com/ulanyjy-ady/first-contributions.git
ulanyjy-ady
diýip duran bölegiň deregine siziň Githubdaky ulanyjy adyňyz. Şu ýerde, Githubdaky first-contributions repositorynyň içindäki ähli zatlary kompýuteriňize kopiýalaýarsyňyz.
Repositorynyň duran papkasynda däl bolsaňyz, şol ýere gidiň:
cd first-contributions
Indi, git switch
buýrugy arkaly täze şaha(branch) dörediň:
git switch -c siziň-täze-şahaňyzyň-ady
Mysal üçin:
git switch -c goş-ahmet-ahmedow
(Şahanyň adynda goş sözüni hökman ýazmasaňyzam bolyar, ýöne bu şahanyň maksady adyňyzy goşant goşanlaryň hasabyna goşmak bolany üçin, goş sözüni ulanmak düşnükli bolar)
Indi, tekst redaktorynda(m.ü VSCode) Contributors.md
faylyny açyň, içinde iň soňunda adyňyzy giriziň we ýatda saklaň(save)
- [Adyňyz](https://github.com/ulanyjy-adyňyz)
Mysal üçin:
- [Ahmet Ahmedow](https://github.com/ahmetahmedow)
](
arasynda boşluk ýokdur
Terminalda eger proýektiň duran ýerine gidip,git status
buýrugyny işletseňiz, şol ýerde bolan üýtgeşmeleri görýaňiz.
git add
buýrugyny ulanyp şol üýtgeşmeleri ýokarda döreden şahamyza(branch) goşýas:
git add Contributors.md
Indi, git commit
buýrugy arkaly şol üýtgeşmeleri bellige alyp(commit) goýýas:
git commit -m "<Adyňyz> goşant goşanlaryň hataryna girizildi"
<Adyňyz>
diýen ýere öz adyňyzy ýazyň
(BELLIK: açyk çeşme(open source) dünýäsinde dünýäniň her dürli ýerlerinden her dürli adamlar bilen bilelikde işleşýaniňiz üçin bellige alyş(commit) tekstini iňlis dilinde ýazyp bilýaňiz).
git push
buýrugy arkaly üýtgeşmeleriňizi iberiň(push):
git push -u origin siziň-şahaňyzyň-ady
siziň-şahaňyzyň-ady
bölegini ýokarda doreden şahaňyzyň ady bilen çalşyň.
Eger Githubda şu repositoryňyza gitseňiz, Compare & pull request
düwmesini görýäňiz. Şol düwmä basyň.
Indi, Çekiş haýyşnamasyny(pull request) ýollaň.
Basym, Eden ähli üýtgeşmeleriňizi gözden geçirip, proýektiň esasy şahasy(main branch) bilen birleşdirýäs. Üýtgeşmeler birleşdirilen soň, habarnama alarsyňyz.
Gutlaýas! Siz standart goşant goşujy hökmünde kän gabat gelinýän forklamak(fork) -> Klonlamak(clone) -> Üýtgetmek(edit) -> Çekiş haýyşnamasy(pull request) yzygiderliligini tamamladyňyz!
Eden goşandyňyza begeniň we dostlaryňyz bilen paýlaşyň!
Bu baglanma arkaly hem birnäçe gyzykly proýektlere öz goşandyňyzy goşup bilýäňiz.
Eger-de islendik kömek gerek bolsa ýa-da soraglaryňyz bar bolsa biziň Slack toparymyza goşulyp bilýaňiz.
GitHub Desktop | Visual Studio 2017 | GitKraken | Visual Studio Code | Atlassian Sourcetree | IntelliJ IDEA |
Bu proýektiň goldaýjysy: